2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda geçirilen bu maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän demir ýol ulagynda ýük daşamalarynda gümrük taýdan resmileşdirmesi üçin sarp edilýän wagty azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä, gözegçilik-geçiriş ýerlerinde iş alyp barýan ygtyýarly edaralar bolan gümrük, serhet, weterinar, karantin gulluklarynyň hem-de Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda, demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň möçberiniň artýan şertlerinde, serhet geçelgelerinde gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň hilini ýokarlandyrmak, gulluklaryň arasynda resminama dolanşygyny kämilleşdirmek we sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly, sarp edilýän wagty tygşytlamak bellenildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20 % ýokarlandy.