Habar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň ýolagçy we ýük gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäginde milli utgaşdyryjy duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen guraldy. Çäräniň esasy maksady 2025-nji ýylda Maksatnamanyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak, milli edaralaryň ileri tutulýan zerurlyklaryny kesgitlemek, şeýle hem 2026-njy ýylyň birinji ýarymy üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ylalaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetine Gullugyň Başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginden duşuşyga Maksatnamanyň sebit boýunça utgaşdyryjysy jenap Sardor Ataşikow gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýolagçy we ýük gatnawlaryna gözegçilik etmek ulgamynda pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini nygtadylar, Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň amaly taraplary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.