Habar

Düýn — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aňladýar. Däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we hindi halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi taraplaryň Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, bu gezekki gepleşikleriň halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny görkezendigini belledi. Şunda Merkezi Aziýada hem-de tutuş Aziýa yklymynda parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, birek-birege ynanyşmak we düşünişmek esasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanmalar tassyklanyldy.

...Şu gün ir bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ulag kerweni paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän we türkmen halkynyň edermen ogullaryna hormatyň hem-de milletiň beýik geçmişine goýulýan sarpanyň nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldi.

Bu ýerde edermen Watan goragçylary bolan milli gahrymanlary, halkyň azatlygy, erkinligi ugrunda wepat bolanlary we söweşlerde gahrymançylygyň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezenleri hatyralaýan ýadygärliklere gül desseleri goýuldy we deňsiz-taýsyz gahrymançylyga tagzym edildi.

Soňra belent mertebeli myhman bu ýerden paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport toplumyna geldi we Hindistanyň görnükli şahsyýetleriniň biri Mahatma Gandiniň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy.

Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Garaşsyzlygy ugrunda göreşiji, akyldar, parahatçylygy wagyz ediji şahsyýetiň ýadygärligi 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana resmi sapary mahalynda açyldy. Aşgabatda hindi halkynyň dünýä belli ruhy lideri Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň açylmagy Türkmenistanyň we Hindistanyň dünýäde parahatçylyk hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hindistanyň Prezidenti şu ýerdäki seýilbagda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Hindistanyň Baştutany “Bagtyýarlyk” sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine bardy. Şol ýerde myhmanlara bu gadymy ylmyň käbir usullary we maşklary görkezildi.

Ýoga hindi medeniýetiniň gadymy ruhy tejribesidir. Ýoga bilen yzygiderli meşgullanmak dürli kesellerden saplanmaga kömek edýär hem-de adamyň saglygyny berkidýär.

Türkmenistan Hindistanyň Bütindünýä ýoga gününi yglan etmek başlangyjyny goldady. Ol 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär.

Prezident Ram Nath Kowind Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine uly üns berilýändigini belläp, türkmen hem-de hindi halklarynyň ruhy gatnaşyklarynyň saklanylmagyna we ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna tarap ugrady. Bu ýerde institutyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bilimiň derejesiniň hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň dünýä ylmyna aralaşmagyna, häzirki zaman biliminiň ösdürilmegine we medeni-ynsanperwer ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýän ýurdumyzda adamlaryň ukyplarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyny esasy ugur edinýän toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, alymlarynyň we ylmy işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistanyň köp sanly bilim edaralary daşary ýurtlaryň onlarça bilim ojaklary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýdular.

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwanyň halkara gatnaşyklary döwlet instituty, Hindistanyň DIM-niň Diplomatik gullugy instituty, Eýranyň DIM-niň Syýasy we halkara barlaglar instituty, Rumyniýanyň Diplomatik instituty, Argentinanyň daşary syýasat edarasynyň Diplomatik gullugy milli instituty ýaly belli hem-de abraýly ýokary okuw mekdepleri we beýlekiler TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Institut Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Halkara gatnaşyklar babatda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak meselesi hil taýdan täze derejä çykdy, ylmy-barlag işleri kämilleşdirildi, häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebiniň tejribeçilik işi has-da ýokarlandy.

Institutyň baş binasynyň eýwanynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti amaly-haşam sungatynyň sergisini synlady. Bu ýerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary şu günki waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda belent mertebeli myhman institutyň “Hindi burçunyň” açylyşyna gatnaşdy. Munuň özi iki ýurduň bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ol Hindistan, hindi halkynyň medeniýeti, dili bilen gyzyklanýan talyplar üçin wajyp künjege öwrüler. Şeýle hem institutyň talyp ýaşlary bu burçuň döredilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.

Dabara gatnaşyjylar şu günki çäräniň iki döwletiň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrülendigini nygtadylar we Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan dostluk gatnaşyklary arkaly baglanyşýandygyny we hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde üstünlikli dowam edýändigini bellediler.

Iki ýurduň sebit we ählumumy derejedäki netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň has ähmiýetli usullaryny gözläp tapmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde “Hindi burçunyň” açylmagy Türkmenistanda hindi halkynyň taryhy we ruhy mirasyny öwrenmek üçin ygtybarly binýada öwrüler. Bu ýere gelýänler Hindistanyň häzirki döwri we milli baýramlary, halk däpleri hem-de özboluşly tebigaty barada maglumat alarlar.

“Hindi burçy” zerur maglumat serişdeleri, audio we wideo ýazgylary bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde hindi halk saz gurallary goýuldy, dürli dillerde neşir edilen kitaplardan, nusgawy eserlerden, çeper edebiýatlardan, döwürleýin neşirlerden, Hindistanyň taryhy we däp-dessurlary barada gürrüň berýän surat albomlaryndan ybarat kiçi kitaphana bar.

Prezident Ram Nath Kowind bu günki wakalaryň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini belläp, däp bolan özara gatnaşyklaryň saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilmegine üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, aýratyn-da, Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEС) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň teklip edýän talyp haklary ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurlardaky mümkinçilikleri artdyrmak meselelerine möhüm üns berildi.

Bu çärä gatnaşyjylar bilelikdäki döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini belläp, onuň türkmen we hindi halklarynyň gadymy, özboluşly taryhy-medeni mirasa bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny aňladýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, ylym, bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

...Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi.

Saparyň maksatnamasyna iri atçylyk sport toplumyna gelmegiň girizilmegi tötänden däldir. Çünki müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewleri dünýäde şöhrat gazandylar we häzirki döwürde olaryň halkara abraýy barha belende galýar. Halkymyzyň medeniýetinde bedewleriň keşbi ahlak, durnuklylyk, maksada okgunlylyk, gözellik we hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär. Bedew paýhas sazlaşygyny, döredijilik kuwwatyny, ruhy jomartlygy, zehini we zähmeti alamatlandyrýar.

Gadymy atşynaslyk däpleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda behişdi bedewleriň şöhratynyň belende galmagyna, at üstündäki milli oýunlaryň täzeden dikeldilmegine, bu pudakda ýurdumyzyň ýeten derejesini, dünýä tejribesini ulanmak arkaly, tohumçylyk-seçgi işleriniň gowulandyrylmagyna we atçylyk sportunyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Belent mertebeli myhman ahalteke bedewleriniň iň naýbaşylaryny synlamak üçin ýörite niýetlenen ýere geçdi.

Ýörite meýdança ajaýyp ahalteke bedewleri çykarylyp başlandy. Olaryň her biriniň nesil ugry we gazanan netijeleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Bedewleriň seýkin ýöreýişleri, çeýeligi, özboluşly beden gurluşy, reňk aýratynlyklary olaryň özboluşly gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri dünýä atşynaslygynda naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Olaryň gözelligi, özboluşly beden gurluşy we ýyndamlygy dünýä atşynaslarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Arassa ganly ahalteke bedewleri şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä beren nusgalyk gymmatlygydyr.

Hindistanyň Prezidenti bu ýerde atlaryň saklanylyşy, alnyp barylýan işleriň aýratynlygy we milli seýisçiligiň özboluşly usullary bilen gyzyklandy. Bu ýerde belent mertebeli myhmana we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryna dünýä nusgalyk bedewleri ösdürip ýetişdiren türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri barada gürrüň berildi. Ahalteke bedewi diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyk hökmünde ykrar edildi.

Soňra myhmanlaryň öňünde bütindünýä sirk sungaty festiwallarynda we abraýly halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňşi bilen belli bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bu topar Russiýada, Italiýada, Ukrainada, Türkiýede, Belarusda, Hytaýda we beýleki ýurtlarda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, örän çylşyrymly hem-de täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylaryň söýgüsine we halkara baýraklara mynasyp boldy.

Aýratyn-da, bedewleriň sazyň owazy astynda eden özboluşly tanslary, atly ýigitleriň çylşyrymly hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bu ýerde guralan çäräniň täsirini artdyrdy.

Myhmanlar atlary seýislemek we taýýarlamak boýunça milli mekdebiň kemala gelendigini aýratyn nygtadylar. Türkmen seýisleri bedewleri diňe bir seýislemek bilen çäklenmän, olaryň ynsana ýakyn bolmagyny we özara ynanyşmagyň belent ruhuny kemala getiripdirler.

Prezident Ram Nath Kowind ady rowaýata öwrülen bedewleriň gözelligine, çeýeligine, şeýle hem atly ýigitleriň çykyşlaryna ýokary baha berip, bu görnüşlerden lezzet alandygyny guwanç bilen belledi. Şeýle hem asyrlar aşyp gelýän şöhratly däpleri dowam etdirijilere sagbolsun aýtdy.

Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezi künjeginde ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna geldi. Teatryň kaşaň sahnasynda belent mertebeli myhmanyň Türkmenistana döwlet saparynyň hormatyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.

Dabara “Dost-doganlyk ýollary” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman estrada aýdymlarynydyr tanslary ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar.

“Näzli”, “Aşgabat”, “Meňli” tans toparlarynyň hindi halk sazlary hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň sazlary esasynda bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary myhmanlar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Halk döredijiliginiň nusgalaryny we türkmen halkynyň däp-dessurlaryny özünde jemleýän gadymy we baky juwan “Küştdepdi” tansyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” topary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi.

Sahnada konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Parahatlyk aýdymy” atly aýdym halklaryň mizemez dostlugynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Konsert tamamlanandan soň, Hindistan Respublikasynyň Baştutany özüniň kabulhanasy ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, 4-nji aprelde belent mertebeli myhman Türkmenistandan öz ýurduna ugrar.