Habar

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk, Türkmenistan Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2001-nji ýylda baglaşylan gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde geçirildi.

Duşuşykda esasan gözegçilik-geçiriş ýerlerinde işleriň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky meselä üns berildi. Gazagystanly gümrükçiler Gazagystan Respublikasynyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde "nusgalyk" barlag nokatlaryny döretmek bilen bagly öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Hususan-da, şeýle gümrük barlag nokatlary Gazagystan-Hytaý we Gazagystan-Özbek serhetlerinde gurlup ulanmaga berlendigi barada habar berildi.  Şeýle gümrük barlag nokatlaryny döretmegiň konsepsiýasy, işe girizilmegi hem-de gazanylan netijeler barada jikme-jik gürrüň berildi.

Iş duşuşygynyň gün tertibine şeýle-de  taraplaryň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumat alyşmagy amala aşyrmak üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmagydy. Degişli şertnama geçen 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda özara peýdaly gümrük hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge umyt bagladylar.