2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň binasynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary Bahtiýor Rahimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapdan maglumat alyşmagyň Tehniki şertleriniň iki tarapyň arasynda ylalaşylandygy bellenildi. Resminama gol çekmek boýunça işleriň geçirilmelidigi bellenildi. Şeýle-de, özbek tarapy, duşuşygyň dowamynda iki sany resminamanyň taslamasyny, ýagny Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapdan maglumat alyşmagyň Tehniki şertleriň hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny parafirlemek meselesine seredildi.
Duşuşygy jemläp, taraplar birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.