Düýn paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Cargo Lux” halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitläp, halkara giňişlikde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri öňe sürýär” diýlip bellenilýär.
Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi hem-de “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly üç sany iş mejlisini özünde jemleýär.
Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy F.Kormilisin, Halkara Ulag Assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Şu günki duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalary we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary, köprüler, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň üstünden Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geçýän möhüm sebit hem-de sebitara ulag ugurlarynyň kemala gelmegine ýardam berýär.
Türkmenistan öz ulag-kommunikasiýasyny ösdürmek, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagy üçin çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň TRACECA taslamalaryna gatnaşmagy onuň sebitiň möhüm ulag halkasy derejesini pugtalandyrmak, şeýle-de iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, goşmaça çäreleri iş ýüzünde yzygiderli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açar.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge çalyşmagy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, esasy işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň geljegi uly türkmen bazarynda netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigi bellenildi.
Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine gabat gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigi, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýandygy nygtaldy. Şu gezekki maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr.
Foruma gatnaşyjylar şu günki ara alnyp maslahatlaşylýan meselä çemeleşmelerinde, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmündäki garaýyşlaryndan ugur aldylar. Olar dürli ýurtlaryň ulag torlaryny birleşdirýän çylşyrymly ulgam bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň sebit we halkara derejelerde goşulyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda eýeleýän ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary tanyşdyrylyşlar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça beýan edilen teklipler bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.
Ertir halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlis görnüşinde dowam eder. Onuň gün tertibine ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.
Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasyny geçirmek, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Forumyň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegine hem-de paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gezelençleri guramak we Türkmenbaşy şäherine sapar meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde myhmanlar Halkara deňiz portuna baryp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän bu döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwaty bilen tanşarlar.