2022-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna gabatlanyp sergi geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylan ASYCUDA WORLD, TIR-EPD ulgamlaryny, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslamasyny beýan edýän şekilli görnüşleri bilen çykyş etdi.
BGG-nyň standartlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy harytlaryň bökdençsiz we çalt geçirilmegi üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, hem-de Türkmenistanyň ulag we logistika mümkinçiliklerini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin öz işini has-da kämilleşdirýär.
Bu ugurda, gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy esasy üstünliklerimiziň biridir. 2017-2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde BMG-nyň Söwda we ösüş konferensiýasy hem-de BMG-nyň Ösüş maksat namasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ASYCUDA WORLD atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy. 2021-nji ýylyň başyndan başlap, ýokarda ady agzalan BMG-nyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslamasyna badalga berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu ulgamyň işini utgaşdyrmak üçin ygtyýarly edara hökmünde bellendi. Taslama 2021-2023-nji ýyllar üçin niýetlenendir. Gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy hem-de sanly tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň gümrük edaralary gümrük gözegçiligini döwrebap usulda amala aşyrýar.
Gümrük maglumatlaryny awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak babatynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (UNECE) we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gümrük edaralaryna TIR-EPD hem-de e-TIR ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrýar. TIR-EPD ulgamy arkaly Türkmenistanyň gümrük edaralaryna deslapdan dekrarirlemegiň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap amala aşyrylmagyna garaşylýar.