Habarlar

Türkmen karateçileriniň üstünligi
28 Few
Türkmen karateçileriniň üstünligi

2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine — 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy. 

Biziň toparymyzyň düzüminde Jelal Satlykgulyýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Oňa 75 kilograma çenli agram derejesinde şahsy bäsleşiklerde taý gelen bolmady. 

Bürünç medallaryň birine Diýar Hojaýew (60 kg çenli) mynasyp boldy. Bu ezber türgen halkara derejedäki iri ýaryşlarda ençeme medallaryň, şol sanda altyn medallaryň eýesi bolmagy başardy. Onuň iň uly üstünligi bolsa “iň çalt ýeňiş” gazanmak boýunça dünýä rekordyny goýmagydyr. Ol 2015-nji ýylda Tolýattide geçen fudokan-karate boýunça Russiýanyň açyk kubogy ugrundaky ýaryşda öz garşydaşyny bary-ýogy 7 sekuntda ýeňmegi başarypdy. Bu rekord netije häzire çenli hem saklanýar. 

Şahsy bäsleşiklerde Selim Myratdurdyýew (61 kg çenli) hem üçünji orny eýeledi. Bürünç medallaryň ýene-de ikisini türkmen türgenleri toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) boýunça gazandylar. Bu görnüşde Jelal Satlykgulyýew, Döwlet Berdiýew, Gurbanmyrat Gylyjow, Röwşen Hudaýberenow we Selim Myratdurdyýew tapawutlandylar.