Habar

2022-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda elektron gümrük amallary boýunça Latwiýaly hünärmenler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda kabul edildi. Olar gümrük resminamalaryny elektron görnüşde bermek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly gümrük amallaryny we sanly hyzmatlaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdylar. Çäre, Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) çäklerinde geçirildi.

Çäräniň birinji güni «Bir penjire» ulgamynyň işi bilen bagly meselelere bagyşlanyp, oňa gümrük işgärleri bilen bilelikde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça hereket edýän  Pudagara iş toparyň agzalary hem çagyryldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, şeýle-de döwlet edaralary tarapyndan harytlara berilýän rugsat beriş resminamalaryň elektron görnüşde berilmegi boýunça häzirki tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasynda maglumat alyş-çalşy we hyzmatdaşlygy bilen bagly kadalary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şertnamalaryna aýratyn üns berildi. «Bir penjire» ulgamynyň işi  guramak sorag-jogaplar alşyldy.

Çäräniň jemi boýunça bilermenler Türkmenistanda gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin öz tekliplerini berdiler. Latwiýaly hünärmenleriň Türkmenistanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere oňyn baha berendiklerini hem aýratyn belläsimiz gelýär.