Habar

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Halk ýygnaklar öýünde geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama özara tejribe alyşmak arkaly Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Ähtnamanyň çäginde taraplar degişli işgärleriň Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatda hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw çärelerini, türgenleşik okuwlaryny, ýüzbe-ýüz duşuşyklaryny geçirmegi, bu ulgamy ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen özara saparlary gurnamagy maksat edinýärler. 

Bu bolsa, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamy babatda girizilen goşmaçalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginde, şol bir wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýetli bolar.