2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygy Ş.Bagirowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ş.Bagirow azerbaýjan tarapyndan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň düzüminde Aşgabada geldi.
Duşuşygyň barşynda ýolbaşçylar iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljekki ikitaraplaýyn özara hereketiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda işjeňleşdirilýär. 2023-nji ýylyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti tarapyndan gurnalan köptaraplaýyn iş duşuşyklara we maslahatlara Gullugymyzyň ýolbaşçy düzümi we işgärleri yzygiderli gatnaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindegümrük işgärleri üçin bilelikdäki okuw çäreleri we türgenleişkler gurnaldy. Hyzmatdaşlyk Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatynda hem ösdürilýär.
Saparynyň çäginde azerbaýjanly myhman gümrük gullugynyň işi bilen tanyşdyryldy. Ol binada ýerleşýän seljeriş merkezini, iş otaglaryny, kitaphanany, köpugurly sport zalyny aýlanyp gördi we, Döwlet gümrük gullugynyň muzeý otagyna baryp, myhmanlaryň hormat kitabyna ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.