Habar

2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasyna hem gol çekildi.

Bu resminama bilen girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň Adalat ministrligininiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligininiň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyna birikdirilmegi bilen baglydyr.

Agzalan ministrlikleriň ulgama birikdirilmegi üçin goşmaça wagtyň zerurdygyny göz öňünde tutup, Taslama resminamasynyň güýjüni 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada kararyna gelindi.