Gümrük habarlary
RSS

23.04.2022

Serhetüsti söwda geçmäge indiki ädimler maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri serhetüsti söwda geçmäge indiki ädimleri maslahatlaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Gündogdy Ewjanow bilen duşuşdylar.

22.04.2022

Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw maslahaty

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklary üçin bäş günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýat gullugyna (UNODC) sebitleýin edara tarapyndan gurnaldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri okuw maslahatyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

21.04.2022

Söwda boýunça “tegelek stol” maslahaty

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy.

20.04.2022

Gümrük kanunçylygy kämilleşdirilýär

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinden Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler güýje girýär. «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde biragyzdan makullanyldy.

13.04.2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde iş duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde döredilen Dolandyryş komitetleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

11.04.2022

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda, ýurdumyzyň çäginden geçýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryna gatnaşýan gümrük dellallarynyň hem-de ýük we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak işlerine gatnaşýan «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň we «Asman oky» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.