Habarlar
RSS

19.05.2022

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy

Düýn ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

18.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

18.05.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

17.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16.05.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

16.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.