Düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün örän möhüm ähmiýetli, ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek üçin ýygnanyşylandygyny habar berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda belleýşi ýaly, iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris.
Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlary yzygiderli berkidilýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar ýazyldy.
Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanda täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, ýollardyr köprüler gurulýar, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan şu günki ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär.
Ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň birinji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, Halk Maslahatynyň düzüminde döredilen komitetleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda döwletimiziň kuwwaty hasaplanýan ýaşlarymyzyň nurana geljegi hakyndaky aladalar hem bar.
Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Bu «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda aýratyn kadalar bilen berkidilendir. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Watansöýüjilik dogduk mekanyň ösüşli ýollarynda öz adyň tutulmagy we halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdyr.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, kimiň nähili teklibiniň bardygy bilen gyzyklandy we maslahata gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen, çykyş eden Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň täze üstünliklere beslenýändigini nygtady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda giň gerimli demokratik özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylandygy, milli parlamentiň işiniň hil taýdan täze derejelere çykarylandygy bellenildi.
Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy ýurdumyzyň nobatdaky syýasy üstünligidir.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlaryň ägirt uly ornuny nazara almak bilen, ýaşlar meselesiniň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigi nygtaldy. Muňa döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklary hem-de Russiýa Federasiýasyna resmi sapary wagtynda Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek baradaky başlangyçlary hem şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary we sanly ulgam döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylýar. Hut şunuň özi-de giň gözýetimli, bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini şertlendirýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibinde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrdylar we olaryň dowamynda mugallymlaryň, talyplaryň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky ýaş hünärmenleriň tekliplerini öwrendiler. Geçirilen işleriň netijesinde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” milli kanun çykaryjy edaranyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milli kanunçylyga döwrüň talabyna laýyk seljeriş işlerini geçirip, ony kämilleşdirmekde, demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny berkitmekde Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň ak ýürekden zähmet çekjekdikleri nygtaldy.
Çykyşynyň ahyrynda Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda adam baradaky aladanyň kämil nusgasynyň döredilendigini nygtady. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bu ýörelge üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyz ýaşlar bilen bilelikde ata Watanymyzyň beýik geljegini gurýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym-bilim almagy, arassa ahlakly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary hakyky watançylyk, halkymyzyň belent ynsanperwerlik we ahlak gymmatlyklary ruhunda, edermen pederlerimiziň mysalynda terbiýelemäge uly üns berilýär. Şu babatda wajyp ugur ýaşlar syýasaty bolup durýar. Ýaşlaryň bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy, zehinini ösdürmegi, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň milli kanunçylykda göz öňünde tutulmagy we degişli maksatnamanyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm esaslary döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda durmuşa geçirmegiň meseleleri barada öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynyň bu meselä döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň şaýady bolup durýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki taryhy duşuşykda beýan eden wezipeleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça gymmatly maslahatlary bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de milli tejribä laýyklykda alnyp baryljak işler üçin esas bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu işde hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş ildeşlerimize nusgalyk görelde bolýar. Çykyşynyň ahyrynda K.Babaýew Gahryman Arkadagymyza ata Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ogulbagt Koçiýewa söz berildi.
Çykyş edeniň nygtaýşy ýaly, ýaşlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýandyklaryna hem-de duşuşykda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça pikir alşyp bilýändiklerine buýsanýarlar. Taryhy başlangyçlary dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, terbiýeli, ýokary bilimli, ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň daşary ýurt dillerini dünýä ölçeglerine laýyklykda, kämil öwrenmegine uly itergi berdi. Ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman bilim tehnologiýalary, multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa talyplaryň halkara bäsleşiklere, ders olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşmagyna giň mümkinçilik döredýär.
O.Koçiýewa çykyşyny dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Daşoguz we Lebap welaýatlaryna amala aşyran iş saparlaryna ünsi çekdi. Hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen duşuşykda alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilimiň we ylmyň terbiýäniň sütünidigini nygtap, ýaşlara bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaklaryny, düýpli bilim almaga, aň-bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga çalyşmagy nesihat etdi. Bu babatda O.Koçiýewa Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluna eýerip, rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe gitmegiň ýaşlaryň mukaddes borjudygyny belledi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşmagy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynyň ýaşlaryň ylma, bilime bolan höwesini has-da artdyrandygyny nygtady. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary ýaşlar baradaky syýasaty kämilleşdirmek, Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini terbiýeleýän wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek we döwletimiziň şu güni hem-de geljegi bolan ýaşlara durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk, hukuk goldawlaryny bermek baradaky teklipleri goldaýarlar diýip, O.Koçiýewa çykyşyny tamamlap, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Soňra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Bäşimow çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, ýaşlar bilen şu günki duşuşygyň hem hemmeler üçin çuňňur mana eýe bolup, ýakymly pursatlary paýlaýandygyny nygtady.
Çykyşda bellenilişi ýaly, ol möhüm taryhy wakanyň şaýady bolmak mümkinçiligine, ýaşlar syýasaty boýunça kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, bu ugurdaky kanunçylygy seljermek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taryhy teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýandygyna buýsanýar. Mälim bolşy ýaly, azyk howpsuzlygyny we haryt bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda uly möçberde maliýe serişdeleri hem-de goşmaça ýer bölekleri bölünip berildi. Bularyň ählisi daýhanlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň döredijilikli zähmete, bol hasyl öndürmäge bolan höwesini has-da artdyrýar diýip, G.Bäşimow aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen oba hojalyk institutynda geçiren taryhy duşuşygy barada durlup geçilip, obasenagat toplumynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ýer kadastryny döretmek ugrundaky işleriň ýerine ýetirilmeginde ýokary hünärli işgärlere möhüm ornuň degişlidigine üns çekilendigi nygtaldy. Şeýle hem ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk tejribelerini häzirki zaman agrotehnika ylmynyň nukdaýnazaryndan döwrebap derejede ösdürmegi dowam etmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan tohumlaryň täze görnüşlerini döretmek, düýedarçylygy, maldarçylygy, miweçiligi we üzümçiligi ösdürmegi dowam etdirmek barada nesihatlar berildi.
Ol ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek barada beýan edilen başlangyçlaryň ýaşlary täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda G.Bäşimow hormatly Prezidentimize we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidi ugrunda alyp barýan ýadawsyz işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzyň ýaşlarynyň Watanymyzyň gülläp ösmegine geljekde-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysady kibernetika taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Yslam Amangulyýew çykyş edip, ähli ýaşlaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuş üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýokary tehnologiýalaryň hem-de ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýetimiziň milli nusgasynyň döredilendigi nygtaldy. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen wezipeler kesgitlenildi.
Çykyş eden Watanymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyna ünsi çekip, 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagynyň uly ähmiýetini nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu gün bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça başlangyçlaryndan ugur alyp, ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýärler, düýpli nazary we amaly barlaglary geçirýärler, sanly ulgamyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşup, innowasion senagat nusgalaryny işläp taýýarlaýarlar.
Bu gün hünär bilimi edarasyny tamamlan ýaşlaryň durmuş goraglylygy bilen bagly ýeňillikli durmuş-ykdysady kepillikleri üpjün etmek, orta mekdepleri tamamlan uçurymlaryň zähmet tejribesini toplamaklary üçin olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini kämilleşdirmek bilen bagly teklipler beýan edildi. Y.Amangulyýew ýaşlaryň bu başlangyçlary doly goldaýandyklaryny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlaryndan hem-de öwüt-ündewlerinden ugur alyp, ýaş nesliň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.
Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolan gurluşyk, binagärlik taglymaty esasynda ileri tutulýan wezipeleriň öňe çykýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatlary bilen ýurdumyz giň gerimli gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň amala aşyran şähergurluşyk maksatnamasy esasynda ak mermere beslenen Aşgabat dünýäniň iň ajaýyp, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
H.Hojadurdyýew sözüni dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň iri şähergurluşyk başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiziň ylma esaslanyp, döredijilikli hem-de sazlaşykly işleri bilen dowam etdirýändigini belledi. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Ahal welaýatyna iş sapary wagtynda täzeçil usulda gurluşyk meýilnamalary düzülende, oňa ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemegi ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr diýip, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan «Aşgabat-siti», nesip bolsa, ýakyn ýyllarda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen dünýäniň «akylly» şäherleriniň birine öwrüler. Bu beýik hem-de geljegi nazarlaýan işler gurluşykçy, binagär, dizaýner ýaşlary, bu ugurdan işlejek hünärmenleri örän buýsandyrýar. Şeýle hem çykyş eden talyp Gahryman Arkadagymyzyň bu gün ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen bagly öňe süren tekliplerini ýaşlaryň doly goldaýandygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda H.Hojadurdyýew täze taryhy döwürde batly gadamlar bilen öňe barýan eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň her bir gününi şöhratly üstünliklere beslemekde ýaşlaryň hem mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden ynandyrdy.
Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň halas ediş bölünmelerini dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl harby talyby Bagtyýar Allowowa söz berildi. Ol harby talyplaryň Gahryman Arkadagymyzyň şu günki çuň manyly çykyşyny, paýhasly pikirlerini, bilim-ylym ulgamlaryny hil taýdan ösdürmekde berk binýada öwrüljek nesihatlaryny we eziz Watanymyza wepaly gulluk etmek baradaky parasatly sargytlaryny uly ruhubelentlik bilen diňländiklerini aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak, şeýle-de döwür bilen aýakdaş gitmek baradaky gymmatly maslahatlary, köptaraplaýyn ussatlygy, baý durmuş tejribesi ýaşlarda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda badalga berlen taryhy özgertmeler ýaşlarda bagtyýar we abadan geljege bolan ynamy berkidýär. Çykyş eden harby talyp şu ýatda galyjy günde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan ruhlanan Watan goragçylarynyň geljekde-de döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap bilim alyp, harby hünär ussatlygyny artdyrjakdygyna, hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşip, kabul eden harby kasamlaryna ygrarly, eziz Watanymyza wepaly ýurt goragçylary bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdy.
Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzdan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, döwletimiziň goragynda sarsmaz gala bolup durarys. Gahryman Arkadagymyzyň merdana pederleriniň — ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömrüni mukaddes harby gullugymyzda ýol-ýörelge edineris. Milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, il abadançylygyny, ýurt asudalygyny gözümiziň göreji deýin gorarys diýip, çykyş eden harby talyp aýtdy.
Sözüniň ahyrynda B.Allowow Watan perzentleriniň Gahryman Arkadagymyzyň peder dowamatyndan gözbaş alyp gaýdýan belent watansöýüjiligine, ynsanperwerligine hem-de bimöçber sahawatyna çuňňur sarpa goýýandyklaryny nygtady. Ol şu günki taryhy çykyşynyň dowamynda ýaşlara eden sargytlary, wesýetleri, pent-nesihatlary, ýiti zehini we umman ýaly paýhasy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi. Harby talyp hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdi hem-de çykyşyny watançylyk kasamy bilen jemledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýaşlarynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Ýaşlarymyzyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi maşgalanyň, döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar we geljekde-de durar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, bu Kanunyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek meselesini öwrenmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri hödürlemek maksadalaýyk bolar.
Taryhy maglumatlara nazar aýlap, olar bilen tanşanyňda, beýik şahsyýetlerimiziň neslidigiňe, olaryň guran, goran döwletinde ýaşaýandygyňa buýsanýarsyň. Bu buýsanç ynsany ata-babalarymyza mynasyp nesil bolmaga borçlandyrýar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Çünki ata-babasy beýik millet bakydyr! Ata-babalary nusgalyk millet ölmez-ýitmezdir!
Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň nusgalyk şahsyýetlerimizden habarly bolmaklary we olaryň edermenlikleri bilen tanyş bolmaklary üçin şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan seýilgähleriň gurulmagy, teatrlarda şol döwürlere degişli sahna eserleriniň goýulmagy, kinofilmleriň surata düşürilmegi, obadyr etraplara, şäherlere, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine belli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylyp ebedileşdirilmegi, taryh dersiniň okuw meýilnamalaryna girizilmegi nesillerimiziň bu babatda giň maglumatlara eýe bolmagyna döredilýän şertlerden habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynyň 16-njy bendinden soň, 17-nji bendi goşmagyň, ýagny Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji böleginden soň, 3-nji bölegi goşmak, ýagny ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly, ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen bagly goşmaçalar girizilse, ýerlikli bolar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky sözüni dowam edip, döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmelidigini, munuň her bir nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmalydygyny belledi. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolýar. Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertler döredildi. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak ýaş alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda ol döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan arassa, ynsanperwer, adalatly, ýurdumyza gerekli we mynasyp nesil bolmagyny gazanmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary kemala getirmek, sporta, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmak, internet ulgamyny kämilleşdirmek we başga-da döwrüň talap edýän zerurlyklaryny ýaşlaryň durmuşyna ornaşdyrmak ýaly işler durmuşa geçirilýär.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji tesiminiň 3-nji bendinden soň 4-nji bendi goşmagy we ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Şunda telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikler göz öňünde tutulmalydyr.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Sanly ulgam arkaly amala aşyrylýan çäreler çaltlygy, amatlylygy we artykmaç zähmeti talap etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen, häzirki wagtda sebitleýin we halkara gatnaşyklar has-da pugtalanýar. Geçirilýän onlaýn maslahatlar, duşuşyklar, brifingler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bilim ulgamyny ösdürmegiň biziň ýurdumyzyň geljegini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini nygtady. Geljekki nesil hakynda alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr. Bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr. «Maglumatlar we tehnologiýalar» asyry diýlip atlandyrylýan XXI asyrda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, milli ykdysadyýetimizi ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen üpjün etmek döwrümiziň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidir.
Ýaş nesillerimiziň tehnologik ösüşlerden yza galmazlygy üçin bilim edaralarynda ýörite internet merkezleri döredilip, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri, elektron aragatnaşyk, öňdebaryjy tehnologiýalar we iş tejribeleri arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu babatda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlara bilim bermek işi bilen bagly kadalar hem aýratyn berkidilýär. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Ýurdumyzda ýaşlaryň tehnologik ösüşden yza galmazlygy, döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi goşmak, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek teklip edildi. Şeýle-de bu Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň 14-nji bendi goşmak, ýagny ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ynsanyň ömrüni uzak, janyny sag, şähdini açyk edýändigine ünsi çekdi. Dürli ýaşly raýatlarymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe hereketleri, sport görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Obalarda, etraplarda, şäherlerde gurlup ulanmaga berilýän sport desgalarydyr binalary we ol ýerlerde döredilýän mümkinçilikler esasynda bu gün agzybir türkmen halky sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadalarynyň birine öwürdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabat halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Mundan başga-da, türkmenistanly türgenler yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde sebit we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşyp, türkmen tuguny ýeňiş münberinde belentden parladyp, Döwlet senamyzy sport äleminde belentden ýaňlandyrýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň abraýyny halkara derejede şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek, ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarda bilim almaklary, milli ruhda terbiýelenip, arzuw edýän kärlerinde işläp, Watanymyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, bu wezipeler ýurdumyzda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem anyk kesgitlenendir.
Umuman, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň her birinde ýaşlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ýaşlara ähli zerur şertler döredilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu Kanunyň taslamasyny işläp tamamlamagy hem-de halkymyzyň «Ýedi ölçäp, bir kes!» diýen pähiminden ugur alyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meselesine töwerekleýin hem-de ylmy nukdaýnazardan çemeleşilmegini zerur hasap edýändigini nygtady.
Gelip gowuşýan teklipler halkymyzyň nesil terbiýesi hakynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen gymmatlyklaryndan, şeýle-de döwrümiziň talaplaryndan ugur alyp, gutarnykly seljerilmelidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleridir agzalary bu Kanuna zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň iň çetki obalaryna baryp, ýaşlaryň, şol sanda il sylagly ýaşulularyň, zähmetkeşler köpçüliginiň gatnaşmagynda maslahatlary geçirip, ýaşlar barada döwlet syýasaty boýunça kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, bu ugurdaky kanunçylygy seljermek we döwrebaplaşdyrmak boýunça olaryň pikirlerini, tekliplerini, isleg-arzuwlaryny nazara almalydyrlar. Teklipleriň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, halypa professorlardyr alymlar tarapyndan öwrenilip, seljerilip we umumylaşdyrylyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilmegi maksadalaýyk bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlara ýüzlenip, ýüregiň adamyň ruhy ýagdaýyna we beden saglygyna baha bermekde iň esasy synadygyny aýtdy. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny dünýäde mundan beýläk-de dabaralandyrmak, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak, milli gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmek ýaşlaryň esasy borjudyr.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda iň gowy netijeleri, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant goşmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Arkadagymyz ýaşlar bilen geçiren maslahatyndaky çykyşyny şeýle sözler bilen jemledi: «Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki abraýyny mundan-da belende götermekde agzybir halkymyza rowaçlyklar ýar bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!».
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat tamamlandy.