Habarlar
RSS

24.06.2021

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn...

19.06.2021

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagt...

15.06.2021

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu güne çenli ýurdumy...

11.06.2021

Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklady

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

09.06.2021

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkm...

04.06.2021

Türkmenistanda bütindünýä welosiped güni bellenildi

Düýn Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Daň säherde welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýl...