Habarlar
RSS

14.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Premýer-ministr Ýosihide Suga hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bil...

13.05.2021

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn! Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň do...

13.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly...

12.05.2021

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu künjekde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejesindäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň...

11.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.

10.05.2021

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

Düýn COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň ileri tutulýan möhüm ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.