Gümrük habarlary

 «Intellektual eýeçilige bolan hukuklary üpjün etmek» atly sebitleýin okuw maslahaty
3 Sen
«Intellektual eýeçilige bolan hukuklary üpjün etmek» atly sebitleýin okuw maslahaty

2019-njy ýylyň 27-29-njy awgustynda Gyrgyzystan Respublikasynyň       Çolpon Ata şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan guralan «Intellektual eýeçilige bolan hukuklary üpjün etmek» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli gulluklary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hem wekiller gatnaşdy.  

Okuw maslahatynyň maksady - intellektual eýeçiligiň obýektlerini goragy babatda soraglary ara alyp maslahatlaşmakdan, bu ugurda özara tejribe alyşmakdan, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmekden ybarat. 

Maslahaty Bütindünýa Gümrük Guramasynyň bilermenler alyp bardylar. Olar intellektual eýeçiliginiň dürli ugurlary, täze kontrafakt önümleri, önümleriň seljermesi, bu ugurda dünýäde bolup geçýän häzirki meýiller barada çykyş etdiler. 

Şeýle hem, maslahatda oňa gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleri intellektual eýeçiligiň goragy babatda milli ulgamlary hem-de olaryň gazananlary barada çykyş etdiler.